Dubaýda ilkinji türkmen restorany açyldy

Dubaý şäherinde “Talhan” atly türkmen restorany açyldy. Bu BAE-de açylan ilkinji türkmen myhmanhana-restoran işewürligidir. Ol “Expo City Dubai” sergiler merkezindäki Türkmenistanyň pawilýonynda ýerleşýär.

«Talhan» restorany «Expo City Dubai»-yň myhmanlaryna türkmen milli aşhanasynyň tagamlaryny, şeýle hem myhmanlary dünýäniň dürli tagamlary boýunça gyzykly syýahata alyp gidýän halkara tagamlaryň utgaşygyny hödürleýär.

Restoran irden sagat 09:00-dan agşama sagat 23:00-a çenli işleýär. Onda türkmen aşhanasynyň tagamlary hem müşderilere hödürlenýär. Bu ýerde bir adamlyk dogramanyň bahasy 11, palowyň bahasy 13,5, unaşyň bahasy 10, çopan işdäaçarynyň bahasy hem 7,5 dollardan ybarat. Bu ýerde gutap, fitçi, börek, gowurdak, somsa, manty ýaly tagamlar hem hödürlenilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Talhan» restorany hakyky türkmen aşhanasynyň giňden ýaýramagyna goşant goşar. Restoran baradaky maglumatlary «Expo City Dubai»-yň web sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

Merdan ÇÜRIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok