Dubaýyň “Dragon Oil” kompaniýasynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen Ähtnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde, kompaniýa Çelekeniň golaýyndaky üç geljegi uly ýatagy özleşdirip başlar. Mundan ozal kompaniýanyň hünärmenleri bu sebitlerde umumy bahasy 35 million dollara durýan seýsmiki barlaglary geçirdiler. Olaryň netijesinde 19-njy uglewodorod blogy has uly mümkinçiliklere eýedir.
“Kompaniýa ýakyn wagtda önümçiligi artdyrmak maksady bilen üç nebit ýatagyny özleşdirmek üçin maýa goýumlaryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Türkmenistan möhüm ähmiýetli nebit ýurdy hökmünde ägirt uly nebit we gaz mümkinçiliklere eýedir. Biziň Türkmenistanda iş alyp barmagymyz iki tarap üçin hem özara bähbitlidir. Ol bir tarapdan, döwletiň girdejililerini artdyryp, täze iş ýerlerini döredýär. Häzirki wagtda kompaniýanyň Türkmenistanda 2 müňden gowrak işgäri bar. Biz maýa goýumlary giňeltmek arkaly bu ýerdäki ornumyzy has-da pugtalandyrmaga çalyşýarys” diýip, “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Al Taýer belledi.
Kompaniýa Türkmenistanda 24 ýyldan bäri iş alyp barýar. Şu döwürde, kompaniýa ýurduň çäginde hususanda, günbatar sebitde nebit ýataklaryny netijeli özleşdirmek boýunça birnäçe taslamalary durmuşa geçirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda BAE bolan sapary özara hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açdy.
Altymyrat GERMANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler