Çaýyň dürli hili görnüşlerinden hersiniň özboluşly tagamy we peýdaly taraplary bolýar. Geçirilýän barlaglaryň netijesinde, çaýyň düzüminde adam bedenini düwnük kesellerinden, aýratyn-da deri, aşgazan. öýken we süýt mäzi düwnüginden goraýan maddalaryň bardygy anyklanyldy.
Çaýyň watany Gündogardyr. Taryhy maglumatlara görä, çaý 3 müň ýyl mundan öň Hytaýda medeniýetleşdirilipdir diýlip çaklanylýar. Ilkibaşda çaý diňe dermanlyk serişde hökmünde içilipdir. Diňe ýedinji asyrda ol köpçülikleýin içgi hökmünde meşhurlyga eýe bolupdyr.
Aziýada çaýsyz tagam iýilmeýär, onuň üçin diňe gök çaý ulanylýar. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, bu içgi iýmit siňdirişini kadalaşdyrýar, bedenden artykmaç duz galyndylaryny çykarýar, gök çaýyň peýdaly antioksidantlary deriniň garramagynyň öňüni almaga ýardam edýär.
Eger göwnejaý demläp bilseň, çaý melhemdir. Çaý atmazdan ozal çäýnegi gaýnag suw bilen gowy çaýkamaly. Çaýy demlän badyňa çäýnegiň jüründigini, gapagynyň deşiginiň üstüni ykjam ýapar ýaly kendir matadan tikilen basyrgyç bilen basyrmaly. Basyrgyç kendir matadan tikilse, çaýyň düzümindäki adama peýdaly efir ýaglary uçup gitmeýär, beýleki jana derman ýokumlaryň hili üýtgemeýär.
Aýbelent GURBANMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler