(Liriki oýlanma)
Paýhas ummany diýeniňde, durmuşyň gurluşyny, many-mazmunyny, gözelligini pähim parasada dolap, ony öz goşgularynda jemlän dana şahyryň çeper keşbi göz öňüňde janlanýar. Eýsem, şeýle uçursyz zehiniň syry nämedekä, ýa-da bu zehin onuň ganynda barmyka? Magtymgulynyň sözüni eşiden her bir adam näme sebäpden onuň täsirine düşdükä? Bu goşgular biziň döwrümize çenli gelip ýeteniniň özi onuň ýiti zehininiň bardygynyň anyk-aýdyň subutnamasy ahyryn! Megerem, Ýeriň güýçli basyşynyň astynda almaz daşynyň emele gelşi ýaly, şahyryň başdan geçiren kynçylyklary, ol kynçylyklardan ruhdan düşmän baş alyp çykyşy, ol goşgularyň şeýle täsirli bolmagyna sebäp bolan bolsa gerek.
Şol şygyrlary okanyňda onuň gözelligi, jadyly güýji ruhuňy janlandyrýar. Hyýallaryňda Pyragynyň şygryýet dünýäsinde gezeniňi duýman galýaň. Bu halkynyň kalbynda baky ýaşaýandygyny, ruhuna müdimilik siňendigini aýdyň görkezýär. Durmuşyň gözelligini bir ýere jemläp, özboluşly bir dünýä döreden şahyryň bu şygyrlary bakylygyň gözbaşy bolsa gerek. Ol şygyrlar halypalara görelde, nesillere ýörelge her bir kynçylygyň bolsa çözüwi ahyryn. Şahyryň şygyrlarynyň özboluşly çeperçiligi bolsa, ylhamyňy joşdurýar duruberýär. Ol goşgulary okamadyk, öwrenmedik, ýeri gelende durmuşda peýdalanmadyk türkmen ýok bolsa gerek.
Dogrusy, wagta salym ýok diýleni. Ine, öz döwründe gadyry bilinmedik ol şygyrlaryň üstünden dört ýüz ýyla golaý wagt geçse-de, ol her bir ynsanyň ýol-ýörelgesi bolup dur. Megerem, bu goşgularyň ölmez-ýitmezligi Pyragynyň şol başdan geçiren kynçylyklarynyň netijesidir ýa-da ol goşgular arzuwlan zamanyny görüp bilmedik şahyryň, asyrlaryň jümmüşinde ýere düýpli kök uran agajyň miweleridir. Hakyky zehin iki daşyň arasynda galsa-da syzylyp çykar diýleni-dä. Ýiti zehiniňden syzylyp çykan şol goşgularyňy okadygyň saýyn okasyň, paýhas ummanyňda ýüzesiň gelýär we ýaş nesillere hem öwredesiň gelýär. Ol goşgularyň häzir dünýäniň dürli künjeklerinde ynsanlaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan gymmatly hazyna öwrülmegi, şygyrlaryň bakylygynyň alamatydyr. Geçmiş bilen bu güni birleşdirýän bu goşgular biz ýaşlara, geljekki nesillere paýhas ummanynda akyl gämisi bolar.
Şahyrym! Ak tokaýda çoh wagtlap arzuwlan zamanaňa syn edip duransyň. Arzuwlan zamanaňda şygyrlaryň belent sepgitlere ýetenini görüp bilmeseň-de, duýýansyň. Çünki, biz seniň çoh wagt arzuwlan şol ajap eýýamyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlary ahyryn!
Albina ZAKIRJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler
Dogry aýdýaň Ak tokaýdan synlaýan Magtymguly atamayzyň türkmeniň bu ýeten arzuwlan döwrüni görüp diýseň guwanýandyr. Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýandyr.