Ýaňy ýakynda Lebap welaýatynda “Magtymguly – halkyň söndürip bolmajak yşygy” atly konferensiýa geçirildi. Mundan başga-da ýylyň adyna bagyşlanan sergi guraldy. Bu barada “Türkmenistan Habarlar Portaly” habar berdi.
Maslahata gatnaşyjylar 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenmeginiň hem-de edebi mirasynyň öwrenilmegine, ylmy gözlegleriň geçirilmegine goşant goşjakdygyny bellediler.
Şeýle hem sergide beýik şahyryň döwrüni açyp görkezýän we döredijiligine bagyşlanan ylmy eserler görkezildi.
Altyn NAZAROWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler