Türkmen kalbynyň aýnasy

Edil baýyrlaryň, daglaryň san-sajaksyz gatlaklardan emele gelşi ýaly, her halk öz mertlerini beýgeltmek bilen beýgelýär. Ol beýikligiň aňyrsynda bolsa müňlerçe ynsanlaryň Watana söýgüsi ýatandyr. Ine, şol söýgi hem beýiklikleriň ýolunda goltgy bolup, belentlikden-belentliklere alyp gidýär.

Halkymyzyň ýüregini diňleseň, şu ýoluň many-mazmunyny düzýän ynsanlar baradaky beýik aýdymlary eşidýärsiň. Olaryň biri-de beýik Pyraga bagyşlanandyr. Her setiriniň «guba düýelik» agramy bolan Magtymguly Pyragynyň şygryýetini iň bir beýik zatlara, gymmatlyklara deňemek bilen bir hatarda, ony «Türkmen kalbynyň aýnasy» diýibem suratlandyrýarlar. Balkar şahyry Kaýsyn Kulyýew ony Elbrus dagyna deňeýär. Kimler akyldaryň şygyrlaryny agzybirlik, päkgöwünlilik, halallyk çakylykçysy diýip atlandyrsa, ýene birleri egsilmeýän derýa, ynsanlary ruhy teşnelikden gandyrýan güzere meňzedýär. Gahryman Arkadagymyz dana şahyryň şygryýetini pähim-paýhas ummanyna deňeýär. Söz ussatlarynyň aýdanlarynyň her biri türkmeniň şygryýet bossany baradaky ajaýyp aýdym bolup kalbymyza ornaýar.

Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyna baranda beýik akyldaryň öçmez-ýitmez eserleriniň giňden wagyz edilmeginiň, türkmen ýazyjylarynyň häzirki zaman eserlerinde ussadyň wasp edilmeginiň möhümdigini nygtady. Munuň özi her bir döredijilik adamyny şahyryň pelsepewi dünýäsine, ylham gözlegine atarýar.

Gülhan RUSTAMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok