Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde “Dubaý şäherinde “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer bilen duşuşdy. Duşuşykda BAE-niň iri energetika kompaniýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada pikir alşyldy. Bu duşuşyk tamamlanandan soňra “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Dragon Oil” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky äthnama gol çekildi.
Ýeri gelende belläp geçsek, “Dragon Oil” kompaniýasy Türkmenistanda öz işini 2000-nji ýyldan bäri Önümi paýlaşmak baradaky ylalaşygyň esasynda alyp barýar. Onuň Türkmenistandaky işiniň esasy ugry “Jeýtun” we “Jygalybeg” nebit ýataklaryny özleşdirmek arkaly Hazar deňzindäki “Çeleken” şertnamalaýyn çäginde uglewodorod gazyp almakdyr. Kompaniýa taslama 8 mlrd ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýdy.
Ýokary iş görkezijileriniň we üstünlikli hyzmatdaşlygyň netijesinde “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd. kompaniýasynyň arasynda Önümi paýlaşmak baradaky ylalaşygy 2035-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli uzaltmak barada şertnama gol çekildi.
Ramazan HUSENOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler