Türkmen edebiýatynyň paýhas ummany

Alymlaryň ýatlamalaryna görä Magtymguly türkmenleriň gökleň urugyndan bolup, onuň tejrimehaly bilen gatyşdyrylyp aýdylýan rowaýatlara garaňda, ol Buharada, Hywada bolmadyk hem bolsa, dünýäniň ähli kitaplaryny, ylmyny gowy bilip, ajaýyp zatlar döredipdir, örän gowy goşgular düzüpdir. Magtymgulynyň eserleriniň gymmatlygy onda türkmen diliniň örän sap nusgalarynyň barlygyndadyr. Bu hili nusgalary onuň at, ýarag hakynda we şuňa meňzeşlerde bagyşlap ýazan şygyrlarynda görmek bolýar. Munuň ýaly ýagdaý gündogar halklarynyň edebiýatynda juda seýrek duş gelýär.

Magtymguly Pyragynyň meşhur alymlar Wamberi, A.N.Samoýlowiç we beýleki türkmen edebiýatyny owrenijiler tarapyndan toplanan eserleriniň käbir bölekleri şahyryň örän giň we her taraply zehininiň bolandygyna şaýatlyk edýär. Magtymguly irmän-arman işläpdir, halkyna hyzmat edip, ölmez-ýitmez eserler döredipdir, dünýä edebiýatynyň egsilmez hazynasyna öz goşandyny goşupdyr. Halk öz şahyryny söýüpdir, onuň düzen her bir setirini gyzyla gaplan ýaly edip, nesilden-nesile geçiripdir. Sebäbi ol il-gün üçin, ýurt üçin hyzmat edipdir, halkynyň duşmanlaryny ýakyp-ýandyryjy ýiti setirleri bilen paş edipdir. Türkmen topragynyň dürli künjeklerinden kim atly, kim düýeli kim eşekli şahyryň täze-täze eserlerini diňlemek üçin, göçürip almak üçin, ýat tutmakdan ötri gelýänleriň yzy üzülmändir. Çünki halk ony özüniň söýgüli şahyry, pähimli maslahatçysy, sarsmaz hemaýatçysy diýip tanaýar. Onuň eserleri bagşylaryň dilinde, şahyrlaryň setirlerinde, jemagatyň aňynda ýurduň ähli künjeklerinde belent owaz bilen ýaňlanýar. Şeýlelikde beýik pähimdaryň özünden soňkulara ýadygär galdyran altyn gaznasy onuň hakyky eýelerine türkmen halkyna gelip ýetdi.

Şahyryň döredijilik tematikasy örän giň. Onuň baý şygyryýetiniň esli bölegini ynsanperwerlik äheňler, aşyk-magşuklyk, berk maşgala durmuşyny gurmak meselesi tutýar. Şahyr adamzadyň şu hakyky dünýäde gowy ýaşamaga, şatlykly durmuş gurmaga, söýüp-söýüşmäge bolan tebigy hak-hukuklaryny goraýar. Magtymgulynyň ýagty keşbi mertligi, batyrlygy, Watany, söýgini wasp eden hyjuwly şahyr şeklinde, başarjaň terbiýeçi wahyz-nesihatçy hökmünde belent dikelip dur. Munuň özi beýik şahyrymyzyň türkmen halkynyň öňünde bitiren işiniň çäksizdigini görkezýär.

Mahym GOÇEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok