Taryha altyn harplar bilen ýazylan ýyl

«Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr» diýip belleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlara uly ynam bildirýär. 2023-nji ýylyň «Arkadagly Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçmegi hem muňa aýdyň subutnamadyr.

Şanly üstünliklere beslenen geçen ýylymyzda «Arkadagly ýaşlar» atly elektron žurnalynyň işe başlamagy ýaşlaryň döredijilik we çeper-publisistik eserlerini dünýä dillerinde köpçülige ýetirmäge ýene bir mümkinçilik döretdi.

2023-nji ýylyň iýunynda kabul edilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» nurana geljegi gurmagyň bähbidine beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da berkidilmegine gönükdirilen möhüm wezipeleri kesgitleýär.

Şeýle-de, geçen ýyl Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek babatda möhüm ädime öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýurudmyzyň Mary şäherinde Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň guramaçylykly geçirilmegi ýaşlar baradaky aladanyň hemişe üns merkezinde durýandygyny äşgär etdi.

Taryha altyn harplar bilen ýazylan ýylda gözel paýtagtymyz Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça ХIV dünýä çempionatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi we onda ýaş türgenlerimiziň birnäçe altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp bolmagy türkmen ýaşlarynyň buýsançly başlaryny öňküden-de beýgeltdi.

Ýaşlaryň bagtyýar durmuşy ugrunda beýik işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýakynda taryhy ýylymyzyň jemlerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykmagy bagtdan paýly türkmen ýaşlaryna ajaýyp toý sowgady boldy.

Biz ýaşlara okamaga, işlemäge zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

Jumasoltan BABANAZAROWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok