Güneşli Diýarymyzyň özboluşly tebigaty ýylyň dört paslynda-da özüniň jadyly görkanalygy, jana melhem tämiz howasy, tenekar ýaly arassa durnagöz çeşme-çaýlary, şypaly salkyn saýaly baglary, kalbyňy heýjana salýan läle-reýhanly, reňbe-reň älemgoşarly sähralarynyň owadanlygy bilen ynsan balasyny özüne baky aşyk, müdimilik bendiwan edýär. Keremli türkmen topragynda täsin tebigy künjekler, gözel ýerler näçe diýseň bar. Şolardan Köýtendag türkmen topragynyň şeýle ajaýyp hem täsin künjekleriniň biridir. ,,Gudrat görseň daglara bar’’ diýip, pähim-parasatly pederlerimiz juda jaýdar belläpdirler. Dogrudan-da, daglar Zeminiň hakyky gudratly künjegi hökmünde ynsany elmydama tolgundyryp gelipdir.
Beýik daglaryň dumanly belent-belent başlary ynsanyň kalbynda buýsançly beýiklik duýgusyny oýarýar. Ynsan daglardan belentligi, buýsançlylygy, merdanalylygy, sarsmaz kuwwatlylygy öwrenýär. Açyk howaly günler has-has alyslardan hem görünýän Köýtendag özüniň täsin tebigy ýadygärlikleri bilen dünýäde giňden tanalýar. Köýtendag ýurdumyzyň çet günorta-gündogarynda, Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşip, ol Gissar dag gerişiniň günorta-günbatar dowamydyr. Köýtendag günorta-günbatara 100 kilometre çenli uzalyp, ini 30 kilometre çenli ýetýär. Bu ýerde Türkmenistanyň iň beýik nokady 3137 metr bolan Aýrybaba belentligi hem-de ýurdumyzyň iň gündogar nokady – Hojapil obasy ýerleşýär. Köýtendag etrabynyň çäklerine ýeteniňde, üýtgeşik reňk aýratynlyklara eýe bolan, gyzylymtyl, sarymtyl, çalymtyl reňkli daglara gözüň düşýär. Köýtendag şäherçesiniň etegindäki daglaryň reňki gyzaryp has-da owadan görünýär. Köýtendagyň goýnunda dereleriň, çeşmeleriň, gowaklaryň, kölleriň, dag tekizlikleriniň ençemesi bolup, olardan Umbardere, Tutlydere, Daraýdere ýaly dereler, Umbardere şaglawugy, Gaýnarbaba mineral çeşmesi we howdany, Kyrkgyz gowagy we Dinozawrlaryň platosy has meşhurdyr.
Garlyk şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän Gaýnarbaba mineral çeşmesi we howdany il arasynda keraamatly saýylýar. Çünki asyrlar boýy ynsanlar onuň kükürtli, wodorodly suwundan we palçygyndan şypa, em tapyp gelipdirler. Çeşme we howdan özboluşly ekoulgam bolup, onda suw ösümlikleri, jandarlar we balyklaryň aýratyn görnüşlerine gabat gelmek bolýar. Köýtendagyň, Magdanly pes daglarynyň we olaryň daş-töwereginiň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak maksady bilen döredilen, düzümine Garlyk, Hijapil, Hojaburjy çäkli goraghanalaryda girýär. Köýtendag döwlet goraghanasynyň çäginde Halkara Gyzyl kitabyna girizilen burma şahly dag tekesi-marhur ýaşaýar. Şonuň ýalyda bu ýerde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen beýleki käbir haýwanlar: gaplaň, geçigaplaň, garagulak, syrtlan, alajagözen, jeren, zemzen, kepjebaş, buhara dag goçy, täjik suwulgany, takyr gömülgeni, alaja ýylan, Köýten kör ýalaňaç balygy, laçyn, bürgüt, gara leglek, ýylançy gyrgy, gajar, mazar garaguşy gabat gelýär. Köýtendagyň ýenede bir täsin tebigy ýadygärlikleri bu ýerasty gowaklarydyr. Şeýle iri gowaklaryň biri-de Gapgotan gowagydyr. Onuň uzynlygy 56 kilometre ýetýär. Bu ýeriniň ösümlik dünýäsi we haýwanat dünýäsi özboluşly aýratynlyklara eýedir.
Köýtendagda ösümlikleriň, mör-möjekleriň we haýwanlaryň ýüzläp görnüşi gabat gelýär. Kert-kert gaýalaryň arasy bilen birnäçe kilometrlere uzap gidýän dereleriň içine düşeniňde üýtgeşik tebigy sazlaşyga haýran galýarsyň. Dereleriň içi bilen şaglap akyp ýatan bol suwly çeşme-çaýlaryň buz ýaly sowuk suwy yssy tomus aýlarynda has-da jana şypalydyr. Gök-ýaşyl öwsüp oturan hozdur injir, pissedir tut agaçlary, çynarlar, gök otlaryň, gülleriň dürli görnüşleri täsin gözelligi döredýär. Köýtendagda ýaşy birnäçe ýüz ýyla ýeten äpet çynarlar, giden arçazarlyklar, unaby agajynyň täsin tokaýlygy bar. Köýtendagyň dereleri biri-birinden gözel, görkana, täsindir. Bu ýerde ýene bir täsin tebigy ýadygärlikleri ýerasty gowaklardyr. Bu ýerde iňňän täsin balyk-Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen köýten ýalaňaç kör balygy ýaşaýar. Olaryň sany örän ujypsyzdyr. Köýtendag kükürt, kaliý, selestin, oniks ýaly dag-magdan baýlyklaryna, magdan däl gurluşyk materiallaryna, daşlara gipse örän baýdyr. Umuman-a, Köýtendag durşuna ,,hazynaly hum’’ diýseňem boljak. Onuň baýlyklaryny özleşdirmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Geljekde Köýtendagda diňe bir senagaty däl, eýsem syýahatçylygy, ekologik syýahatçylygyny, şypahana-dynç alyş ulgamyny ösdürmek ugrunda hem uly işler badalga alar. Çünki Köýtendagyň ajaýyp tebigy aýratynlyklary, tebigy baýlyklary muňa giň mümkinçilikleri açýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Köýtendaga döwran dolanýar, onuň ady dilden-dile, ilden-ile geçip, meşhurlyga eýe bolýar. Bir söz bilen aýdylanda Köýtendag tebigatyň eçilen gudraty diýsek ýalňyşdygymyz bolmaz.
Atajan JORAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.
Teswirler