Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özüniň oňyn netijesini berýär. Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Muňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde bütin halkymyza sowgat eden «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny okanyňda aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Täze kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenip, bu eser arkaly Arkadagly Gahryman Serdarymyz köp sanly öwüt-ündewlerini we taglymlaryny okyjylar bilen paýlaşýar. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çaphana usulynda neşir edilen kitabyň sahypalarynda bagtyýar ýaşlarymyzyň durmuşyndan bagtly pursatlary açyp görkezýän ýokary hilli fotosuratlaryň ýerleşdirilmeginiň onuň täsirliligini has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp kitabynda: «Watany söýmegiň berk binýatly mekdebini döreden ata-babalarymyz özleriniň maksatlaryny geljegiň bagtyýarlygy ugrundaky işleri amala aşyrmaklyga gönükdiripdirler. Öňlerinde aýdyň maksat goýup, şonuň netijesini görüpdirler. Men öz durmuşymda maksatly ýaşamagyň juda uly manysyna göz ýetirdim» diýip bellemek bilen, maksatly ýaşaýşyň ynsan ömrüni bezeýändigini, ýaş nesilleri geljekki beýik işlere ruhlandyrýandygyny durmuşy-filosofik mazmunda çuňňur beýan edýär.
«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby okap oturyşyňa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna üns çekip, Ýaşlar guramamyzyň ýaş alymlary höweslendirmek boýunça alyp barýan işlerine uly baha bermegi buýsançly duýgulary kalbyňa doldurýar.
Ylham ÝAZYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler