«Flydubai» türkmen uçarmanlaryna okuw hyzmatlaryny berer

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen «Dubai Aviation Corporation» kompaniýasynyň arasynda uçarmanlary taýýarlamak boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Ähtnama laýyklykda, taraplar «Flydubai» ygtyýarnama merkezinde uçarmanlar üçin okuw hyzmatlaryny bermek mümkinçiligine garamakçy. Okuw «Boeing 737» kysymly uçarda geçiriler.

«Türkmenhowaýollary» agentligi «Boeing 737» kysmly uçarlary üçin uçarmanlary taýýarlamak boýunça degişli tarap bilen uzakmöhletli işleşmek isleýär. Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi Türkmenistan bilen BAE-nyň arasynda raýat awiasiýasy pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädimdir.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Flydubai» Ýakyn Gündogardaky iň uly awiakompaniýalaryň biridir. Kompaniýanyň ýokary derejeli uçarmanlary ýetişdirmekde hem baý tejribesi bar. Munuň üçin onuň binýady döwrebap okuw merkezleri bilen üpjün edilendir.

Maksat ATAÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok