Dil we edebiýat islendik halkyň, milletiň taryhyny açyp görkezýär. Çeper söz bilen islendik ýaşdaky adamy maýyl edip bolýar. Döredijilik dünýäsiniň gapysyny açmadyk adam ýokdur. Söz baýlygy, dil baýlygy ynsany kämillige atarýar. Men hem etnologiýa ylmyna (Halklaryň gelip çykyşy) degişli kitaby okap ugranymda dünýäde 2022-nji ýylyň hasabyna görä 7151 diliň barlygyny, 142 sany dil maşgalalarynyň barlygyny öwrendim. Ýer ýüzüniň 3/2 bölegi bary ýogy şonuň 40 dilinde gepleşýärler.
BMG-nyň resmi dilleri diýlip hasaba alnan bary ýogy 6 sany dil bar. Olar: iňlis, arap, ispan, hytaý, rus we fransuz dilleri. Dünýä dilleriniň owadanlygy barada aýdanymyzda bolsa filologlaryň pikirine görä iň owadan diller: türk, arap, portugal, koreý, hytaý, ukrain dilleri hasaplanýar. Iňlis dili takyk, anyk, rus dili bolsa talaba laýyk dil hasaplanýar. Käbir alymlaryň pikirine görä hindi, pars, gruzin dilleri owadan diller hasaplanýar. Söz baýlygy ýa-da ulanylýan sözleriniň köplügi boýunça grek dili 5 mln-dan gowrak sözi bilen dünýäniň iň baý dili hasaplansa, iňlis dilinde bary-ýogy 500 müň söz ulanylýar. Dünýäde iň köp ulanylýan we öwrenmesi aňsat dil hem iňlis dilidir. Edil şonuň ýaly dili öwreniji alymlar tarapyndan öwrenilmesi iň aňsat dilleriň sanawy degişlilikde: iňlis, ispan, italýan, fransuz, portugal, pol, grek dilleridir. Bu bolsa Ýewropa sebitiniň käbir sözleriniň meňzeşligi umumy ulanylýan sözlerdigi bilen düşündirilýär.
Ýer ýüzüniň ilatynyň:
1.1,452 mlrd adamy – iňlis dilinde,
2.1,2 mlrd adamy – hytaý dilinde,
3.602 mln adamy – hindi dilinde
4.534 mln adamy – ispan dilinde
5.372 mln adamy – arap dilinde gürleşýärler.
Hoşowaz BAÝHANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler