Näbelli organizmiň yzlaryny özünde saklaýan dag jynsynyň nusgasy tapyldy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ýygyndysyna näbelli gadymy organizmiň yzlaryny özünde saklaýan dag jynsynyň nusgasy girdi. Ony daşky gurşaw boýunça alym Waleriý Kuznetsow Magtymguly şäheriniň golaýynda ýerleşýän Günbatar Köpetdagdaky Sünt-Hasardag gerşiniň eteginden tapdy.

Muzeýiň wekilleriniň aýtmagyna görä, bu sebitde ýokarky hekiň 60-80 million ýaşly deňiz çökündi ýataklary giň ýaýrapdyr. Şeýle-de bolsa, şunuň ýaly yzlar ozal ýurdumyzyň çäginde duşmandy. Täze eksponaty muzeýiň ylmy hünärmenleri uly gyzyklanma bilen öwrenýärler. Nusgadaky yzlar 8-12 mm diametrli altyburçluk torlara meňzemek bilen, 130-150 inedördül santimetr meýdany tutýan ary öýjügini ýada salýar.

Şeýle geometrik yzygiderli nagyşlary ýumşak deňiz topragynda galdyryp biljek zadyň nämedigini anyklamaga Russiýa Ylymlar akademiýasynyň Paleontologiýa muzeýiniň ylmy işgäri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Dmitriý Grigorýew kömek etdi.

Alymyň pikiriçe, belli bir tertipde ýerleşen altyburçluk gurluş bu zadyň biologik gelip çykyşy baradaky pikire iterýär. Häzirki zaman düşünjelerine görä, şular ýaly yzlary gubkalar, suwotular we çuň suwlarda ýaşaýan başlangyç organizmler galdyryp biler.

Mekan KLYÇEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok