Arkadag şäherinde täze ýyldaky ilkinji bäbejik dünýä indi

2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji pursatlarynda täze ýyldaky ilkinji bäbejik dünýä indi. Arkadag şäherinde dünýä inen bu oglanjyga onuň ata-enesi Arkadag diýip at goýdular.

Oglanjyk Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde doguldy. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň ýaşaýjylary Kakageldiýewleriň maşgalasynda dünýä inen bu bäbejik olaryň üçünji perzendi. Çaganyň agramy 4 kilogram 230 gram we boýy 54 santimetr ölçeglerde bellige alyndy. Lukmanlar onuň saglyk ýagdaýynyň kanagatlanarlydygyny aýdýarlar. Çaga we enesine lukmanlar, şepagat uýalary tarapyndan hemme degişli gözegçilik işleri geçirilýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ilkinji bäbegiň dünýä inmegi ýaly ýatdan çykmajak ajaýyp waka mynasybetli, hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz Kakageldiýewleriň agzybir maşgalasyna ýadygärlik sowgatlaryny iberdiler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok