Türkmen ýaşlarynyň gazanan üstünlikleriniň jemi jemlendi

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly üstünlikli ýyllaryň biri boldy. Bu ýylda türkmen ýaşlarynyň gazanan üstünlikleri sanardan köpdür, ýakynda Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar ýylyna bagyşlanan “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitaby çapdan çykdy. Bu kitapda türkmen ýaşlarynyň häzirki döwürde gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri bir ýere jemlenýär.

Hormatly Prezidentimiz bu kitabyň ilkinji sanyny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza sowgat berdi.

Watanymyzyň geljegini gurujular hasaplanýan ýaşlar, döredilip berilýän mümkinçiliklerden ugur alyp ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilen bäsleşiklere, sport ýaryşlaryna, olimpiadalara gatnaşyp türkmen tuguny has-da belende göterdiler.

Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly eseri ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşyna, eziz Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da belende galdyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýan ýaşlar üçin ruhy goldaw bolar. Baý many mazmuna eýe bolan bu kitap diňe ýaşlar üçin däl, eýsem ähli türkmen halky üçin gymmatly gollanma bolar.

Mukam Seýitnepesow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar

we Informatika Institutynyň
1- nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok