Türkmenistanda häzirki wagtda Täze ýyl baýramy mynasybetli göçme söwda nokatlarynyň jemi 883 sanysy hereket edýär. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde şeýle söwda nokatlarynyň 60-sy, Arkadag şäherinde 4-si, ýurduň welaýatlarynda bolsa 819-sy ilata hyzmat edýär.
Alyjylaryň isleglerini doly derejede kanagatlandyrýan süýjülik tortlarynyň, üýtgeşik gaplara gaplanan süýjüleriň, şokoladlaryň, kökeleriň, ter gök hem bakja önümleriniň we beýleki azyk önümleriniň bolçulygynda ussat türkmen telekeçileriniň mynasyp goşandy bar.
Ýeri gelende belläp geçsek, dekabr aýynyň başyndan bäri baýramçylyk söwda nokatlary alyjylara täze önümleri hödürleýär. “Merw”, “Nusaý”, “Mäne”, “Jeýtun”, “Ýeňiş”, “Goza”, “Gala”, “Bedew”, “Bürgüt” ýaly brendleriň dürli görnüşli önümleri uly höwes bilen satyn alynýar.
Gözel GARLYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler