Türkmenistandaky Täze ýyl Hytaý teleýaýlymynda

Hytaý Halk Respublikasynyň “CGTN” teleýaýlymynda Türkmenistandaky Täze ýyl baýramçylygyna görülýän taýýarlyklar barada habar berildi. Belläp geçsek, Hytaýyň iri teleýaýlymy hem-de rus dilinde ýaýlyma çykýan bu telewizion ýaýlymy Türkmenistanyň Halkara habarlar merkeziniň hyzmatdaşydyr.

Teleýaýlymyň resmi saýtynda “Täze ýyly bilelikde garşylaýarys” atly gepleşik toplumynda Türkmenistandaky Täze ýyl baýramçylygy barada hem reportažlar berildi. Şu gepleşik toplumyndaky wideoýazgylar bilen dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hytaýyň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary Türkmenistan döwletimiz barada habarly bolýarlar.

Teleýaýlymyň gepleşiginde ýurdumyzdaky Täze ýyl baýramçylygynyň geçirilýän ýerleri, hususan-da “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançadaky Baş arçamyz, paýtagtymyzyň dürli künjekleride açylan baýramçylyk söwda satuw nokatlary barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

Jennet BAÝRAMKULIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok