AJAÝYP TEBIGY MEÝDANLAR

Hemmämize mälim bolşy ýaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda ähli pudaklarda giň gerimli özgertmelere badalga berilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak ulgamynda hem uly zähmet üstünlikleri gazanylýar. Arkadagly Serdarymyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň esasynda Watanymyzyň gözel tebigatyny goramakda, onuň tebigy baýlyklaryny gözüň göreji deýin aýawly saklamakda, halkymyzy ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri hem-de agyz suwy bilen üpjün etmeklikde iňňän uly işler amala aşyrylýar. Bu babatda tebigatymyzyň owadan hem ajaýyp tebigy ýerleri ünsden düşürilmeýär. Repetek döwlet biosfera goraghanasy we oňa degişli bolan Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasy ýurdumyzyň ajaýyp aýratyn goralýan tebigy meýdanlary hökmünde özleriniň üýtgeşik tebigy gurluşy bilen tapawutlanýarlar.

Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň “Repetek” ady Soltanşa Atanyýazowyň maglumatlaryna görä, “rabatek” arap sözüniň üýtgän görnüşi bolup, türkmençe terjime edilende “rabatjyk” ýa-da “kiçijik kerwensaraý” diýmekligi aňladýar. Sebäbi Repetek çäge-çöl bekedinden 18 kilometr demirgazyk tarapda Işanrabat atly kiçijik rabadyň, ýagny kerwensaraýyň galyndylarynyň saklanyp galalygydyr. Ýerajy döwlet tebigy goraghanasynyň Ýerajy ady öz çäginde Ýerajy, Bäşimajy, Rozubaý, Dörtguduk, Halyk ýaly ajy suwly guýulary saklaýan ýer bilen baglanyşdyrylýar.

Repetek döwlet biosfera goraghanasy Ýaman tokaý gara sazakly jülgesi, Günorta jülge, Demirgazyk jülge, Repetek Saharasy, Çarlak tokaýy ýaly ajaýyp tebigy meýdanlary öz içine alýar. Bu tebigy meýdanlar öz tebigy düzümi, bu ýerde bolup geçýän hadysalar bilen biri-birinden düýpli tapawutlanýar.

Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň meýdanlary çäge-çöllük ekoulgamyna degişli bolanlygy sebäpli bu ýer ösümlik dünýäsine onçakly bir baý bolmasa-da özüne mahsus bolan ösümlikleri bilen bellidir. Goraghanada ösümlikleriň 125 görnüşi duş gelýär. Olaryň aglabasy, ýagny, 76 görnüşi birýyllyk ot ösümlikleridir. Meýdanlarda duş gelýän adaty gulanguýruk, Konolliniň sözeni, türküstan yşgyny, ak gandym ýaly ösümlikler şu çägiň endemiki ösümlikleri hasaplanylýar. Goraghananyň çäginde dermanlyk ösümlikleriň hem birnäçesi duş gelýär. Olardan çopantelpek, üzärlik, çerkez, konolliniň sözeni ýaly ösümlikleri agzamak bolýar.

Garagumuň gymmatly ösümlikleri hasaplanylýan ak sazak, gara sazak, selin, gyzyl gandym, irimçik gandym, çäge çyryşy, kareliniň çomujy ýaly ösümlikler hem şu sebitde ösüp ýetişýär. Afrikan gyzylgozalagy, dimonyň ýowşany ýaly ösümlikler goraghanada gaty seýrek duş gelýän ösümlikler hasaplanylýar.

Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň meýdanlary ekologik syýahatçylygy gurnamaga gaty amatly ýerde ýerleşendir we bu ýerde üýtgeşik owadan tebigat bilen ýüzme-ýüz bolmak bolýar. Goraghanada zähmet çekýän ylym bölüminiň ylmy işgärleri meýdanlaryň aýratyn tebigy düzüm bölekleri babatynda dürli ugurlarda ylmy-gözegçilik işlerini alyp barýarlar. Ýerine ýetirilýän işler dogrusynda, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynda alnyp barylýan işler barasynda Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän mekdeplerde, çagalar baglarynda, edaralarda wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar. Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak bölüminiň döwlet gözegçileri özlerine berkidilen aýlaw meýdanlarda gorag işlerini ýokary derejede alyp barýarlar.

Aýgül ALTYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok