2024-nji ýylyň ýanwarynda türkmen-rus hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler

Russiýanyň Ykdysady ösüş ministrliginiň maglumatyna görä, 2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda söwda dolanyşygy 8 göterim artyp, 535 müň tonna, eksport 5,5 göterim, import 21 göterim artdy.

Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna iberilýän azyk we oba hojalyk önümleriniň mukdary 33 göterim, himiýa senagatynyň harytlary we kauçugyň eksporty 57 göterim ýokarlandy. Iki ýurduň arasynda 2024-2026-njy ýyllarda ykdysady hyzmatdaşlygyň maksatnamasynyň taslamasyna seredildi.

Rus tarapynyň maglumatyna görä, häzirki wagtda Türkmenistanda rus tarapynyň gatnaşmagynda 36 taslama bolup, onuň bahasy 255 milliard rubl (2.87 mlrd dollar) möçberine deňdir. Olardan 11 taslama ulanmaga bermek tapgyrynda, 21 taslama maýa goýum, 10 taslama bolsa işjeň ulanyş tapgyryndadyr. Şeýle hem goşmaça ýene-de umumy bahasy 62 million rubl möçberinde dürli önümleri üpjün etmek babatda 15 taslama taýýarlyk görülýär.

Şeýle hem rus kompaniýalary Türkmenistan bilen energetika desgalaryny gurmak, döwrebaplaşdyrmak, kämilleşdirmek, gämi gurluşygy, dag-magdan senagatynyň enjamlaryny we ýük daşamaga ukyply teplowozlary üpjün etmek, Gyzylarbatdaky wagon abatlaýyş zawodyny döwrebaplaşdyrmak, demirýol liniýalaryny elektrifikasiýalaşdyrmak ýaly taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär.

2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär.

Arslan BAKYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok