Türkmenistanyň ösümlikleri we olaryň ähmiýeti

Dünýäde ösümlikleriň 500 müňden gowrak görnüşi ösýär. Olaryň 400 müňe golaý görnüşi ýokary derejeli ösümlikler hasaplanýar. Ösümlikler biosferada giň ýaýrandyrlar. Olaryň ýaşaýşy, ösüp boý alşy tebigy şertlere bagly bolýar. Şonuň üçin-de ösümlikler müdimilik buzluklardan başga ähli ýerlerde ösýärler.

Türkmenistanda pes we ýokary derejeli ösümlikleriň umumy görnüş sany 7000-den gowrakdyr. Olaryň 3000-e golaýy gülli (damarly, ýokary derejeli) ösümlikler hasaplanýar. Ösümlikleriň her biriniň ýaýran meýdanlary we ösýän ýerleri dürlüdir. Ösümlik görnüşleri biziň daş töweregimizi gurşaýar, daşky gurşawa gözellik berýär. Ösümlikleriň owadan görkleri, köp dürli reňkleri janly- jandarlary özüne çekýär, daşky gurşawyň agzalaryna öz täsirini ýetirýär. Olar adamyň hem beden saglygyna we aň taýdan ösmegine täsir edýär, onuň teşne ruhunyň we duýgur kalbynyň islegini kanagatlandyrýarlar.

Ösümlikleriň tebigatdaky ähmiýeti örän uly. Olar atmosfera howasyny kislorod bilen baýlaşdyrýarlar, uglerodyň dioksidini howadan alyp, onuň mukdaryny kadalaşdyrýarlar. Ösümlikler suwy arassalaýarlar, toprakdaky suwlary bugardyp, ýerasty suwlaryň derejesini belli bir kadada saklaýarlar; topragy çüýrüntgiler bilen baýlaşdyryp, ony gurplandyrýarlar. Olar öz töweregine janly-jandarlary çekýärler, olara ýaşamaga, iýmitlenmäge, dynç almaga we howpdan goranmaga amatly şertleri döredýärler. Topragy suwuň ýuwmagyndan we ýeliň tozatmagyndan (eroziýadan) goraýarlar, ýagyş hem gar suwlarynyň toprakda saklanmagyna ýardam edýärler we başgalar.

Türkmenistanyň daglyk, dagetek, çöllük ýerlerinde medeni we saýaly ösümlikleriň ösýän ýabany kowumdaşlary köp. Olaryň dürli sebäplere görä onlarça görnüşleriniň ösýän meýdanlary azalýar. Käbir görnüşleriniň bolsa düýp sany seýrekleýär hatda ýitip ýok bolup gitme howpy abanýanlary-da tapylýar. Şonuň ýaly ösümlik görňüşleri ýörite goraga alynýar we olaryň tebigy ýagdaýda dikelmegi üçin dürli çäreler geçirilýär (seýrek duşýan görnüşleri Gyzyl kitabyň sanawyna goşmak, olaryň esasy ösýän ýerlerini hasaba hem goraga almak, ekologiýasy we biologiýasy barada ylmy maglumatlary toplamak we başgalar).

Aganiýaz ISLAMKULYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok