Gunça Myradowa Gazagystan respublikasynda geçirilen “Turan” halkara baýragynyň eýesi boldy

Taryhy we mifologik žanryň ussady bolan Gunça Myradowa öz döredijiliginde ululy-kiçili ençeme eserleri döretdi. Olaryň hatarynda Soltansöýün bilen baglanyşykly eserleriň biri hem “Alyşir Nowaýy Soltansöýün Baýkaranyň diwanynda, Çyn bilen ýalanyň arasy” (2023) atly işidir. Taryhy žanrda döredilen bu eser hem iki şahsyýetiň arasynda bolýan wakany suratlandyrýar. Eserde Soltansöýüniň paýhasly ýaranlaryny  tapmak üçin eden tagallalary açylyp görkezilýär.  Soltansöýün Nowaýyny ilki çölde synap, soňra öz  köşgüne çagyryp, ýene synagdan geçirmek isleýär. Emma Soltansöýüniň öz wezir-wekilleri çölde gezip ýören bir çopanyň köşge gelmegine garşy çykýarlar. Soltansöýün şonda olardan: “Ýalan bilen çynyň arasy näçe günlik ýol” diýip soranda olaryň hiç biri dogry aýdyp bilmeýär.  Soltansöýün olara: “Biriňiziňkem dogry däl. Şol göwnüňiz ýetmeýän çopany çagyryň, şu sowaly berjek. Bilse-hä bileni, bilmese zamanyny bermän dardan asdyrjak” diýdi. Şeýlelikde, Myraly  köşge çagyrylyp, bu sowaly berenlerinde ol: “Dört barmagyň arasydyr patyşahym!” diýip başam barmagyny ýatyryp dört barmagyny göz bilen gulagyň arasynda goýup görkezýär. Çünki, ata-babalarymyz: “Eşden deň bolmaz, gören göz bilen”diýipdirler. Suratkeş şeýle pursady saýlap alyp, gözüň bilen göreniň çyn, gulak bilen eşideniň ýalandygyny subut edýär. Nakgaş sähel salymyň içinde bolan wakany uly bir ähmiýetli monumental esere öwürýär.  Şol wakadan soň Myralyny Soltansöýün özüne baş wezir edip belleýär. Suratkeş eseri gorizontal giňişlikde saýlap alýar. 

Kompozisiýanyň deňagramlyk ritmini ýerbe-ýer saklamagy başarýar.  Esasy gahrymanlar umumylyklardan görnetin saýlanýar. Eserdäki dört barmagyny ýokary galdyryp duran çopanyň keşbi ynandyryjy teswirlenýär. Başy silkme telpek, ezýaka köýnekli aýagy çokaýly köşge gelen çopanyň Soltansöýüne berýän jogaplarynyň nagtdygyny, onuň ynandyryjy keşbinden hem bilip bolýar. Onuň garşysyndaky ýüpek geýinen şa lybasly Soltansöýüniň keşbini hem ussatlyk bilen döredýär. Onuň elindäki tesbisi hem ýöne ýerden şekillendirilmeýär. Ol patyşanyň paýhasdan hem ylymdan ýüküniň ýetikliginiň simwolydyr. Çünki, şol dört sany keramatly ýyldyz astynda doglanlaryň biri hem hut Soltansöýüniň özüdir. Realistik däplerde şekillendirilip, koloritini özboluşly sazlaşdyran surtkeşleriň bu işi tomaşaçyny bolýan wakanyň içine alyp gitmegi başarýar.

Döwletmyrat Durdyýew,
Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň
müdiriniň okuw terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary,
TYA-ň taryh we arheologiýa institutynyň dalaşgäri,
sungaty öwreniji.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok