Dünýäde ekologik meseleleriň emele gelmeginiň özboluşly taryhy bar. Ekologiki meseleleriň ýüze çykmagy Ýer togalagynda adamzadyň emele gelşi bilen baglanyşyklydyr. Arheologiki we taryhy maglumatlara görä, adamzat emele gelmezden öň tebigatyň özünde tebigy hadysalar (ýer titremegi, gury ýerleri suw basmagy, öňki suw basan ýerlerde gury ýer bölekleriniň emele gelmegi, klimatyň üýtgemegi) bilen baglanyşykly ekologiki meseleler ýüze çykypdyr. Ösümlikleriň, haýwanlaryň käbir görnüşleriniň Ýeriň ýüzünden ýok bolmagyna şol tebigy hadysalar, betbagtçylyklar sebäp bolupdyrlar.
Ýer ýüzünde adamzat döränden soňra, onuň öňünde ilkinji emele gelen ekologiki mesele – azyk meselesi bolupdyr. Ilkinji adamlar tebigy ir-iýmişleri gözlemek we aw awlamak maksady bilen gury ýeriň köp bölegini özleşdiripdirler. Tebigy ir-iýmişleriň möçberiniň we aw edilýän ýabany haýwanlaryň sanynyň azalmagy bilen, adamlar ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanmaga mejbur bolupdyrlar.
Adamzat jemgyýetiniň ösüşiniň dürli basgançaklarynda tebigaty we onuň biologiki baýlyklaryny goramakda dini-jemgyýetçilik guramalaryň bitiren hyzmatlary uludyr. Ýer ýüzünde döwletleriň döremegi bilen, olaryň meýdan-çäklerinde tebigy baýlyklary peýdalanmaklyga belli-bir çäklendirmeler hem girizilipdir.
Beýik geografiki açyşlar, döwletleriň ykdysady taýdan ösüşleri tebigy baýlyklaryň öňküden köp ulanylmagyna getiripdir. Ylmyň-tehnikanyň ösüşi bir tarapdan adamlaryň aň-düşünjesini we durmuş hal ýagdaýyny ösdüren bolsa, ikinji tarapdan tebigy baýlyklardan hojalyk pudaklarynda artykmaç peýdalanylmagy, käbir tebigy sebitlerde tebigat bilen adamzadyň arasyndaky deňagramlylygyň bozulmagyna getiripdir.
Ylmy-tehniki ösüş öndüriji güýçleriň we önümçilik gatnaşyklarynyň ösüşine täsir edip, şol bir wagtyň özünde adamzadyň eşretli durmuşda zähmet çekmegine we dynç almagyna getirýär. Köp ýyllaryň dowamynda ylmy tehniki açyş edilende olaryň tebigata, ekologik şertlere etjek täsiri göz öňünde tutulmady. Şol açyşlar tebigata häzirkisi ýaly täsir eder diýip hiç kimiň pikirine-de gelmeýärdi. Netije-de, dünýäniň köp ýurtlarynda gurlan we işleýän senagat kärhanalarynyň, ulag serişdeleriniň, oba hojalyk pudaklarynda ulanylýan himiki serişdeleriň tebigata we adamzadyň saglygyna edýän täsiri güýçlenip ugrady. Tebigata (ýere, howa we suwa) zyňylýan zyňyndylar tebigatda maddalaryň aýlanyşygyna düşüp, dünýäniň hemme ýerine ýaýraýar.
Alymlaryň ýazmagyna görä, Ýewraziýa we Amerika materiklerinde ulanylýan himiki serişdeleriň käbir görnüşleri (pestisidler) Antarktidada ýaşaýan pingwinleriň bedeninden tapyldy. Demirgazyk Amerikanyň, Ýewropanyň senagatly sebitleriniň atmosfera goýberýän zyňyndylaryndan müňlerçe kilometr daşlykda ýerleşýän döwletler we olaryň ýaşaýjylary ezýet çekýärler. Muňa, Çernobyl AES-iň heläkçiligi aýdyň mysaldyr. Diýmek, döwletleriň arasynda resmi araçäk bar hem bolsa tebigatda olar ýaly araçäk ýok. Hemme tebigy hadysalar we adamzadyň hojalyk işi biri-biri bilen baglanşykly bolup, özara täsir edýändirler.
XX asyrda ekologiýanyň gazanan üstünlikleriniň biri-de, adamzat jemgyýeti bilen tebigatyň örän jebis sazlaşygynyň subut edilmegidir. Adam tebigatdan üstün çykmakdan, tebigy şertleri üýtgetmek, tebigy baýlyklary bisarpa ulanmakdan el çekip, tebigatda bolup geçýän hadysalaryň kadalaşmagyna ýardam etmäge, tebigatyň baýlyklaryny ýerlikli we rejeli peýdalanmak, goramak, köpeltmek ýaly işleriň düýpli amala aşyrylmagyna aýratyn uly ähmiýet berip başlady.
Erkin ANNAGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
3-nji ýyl talyby.
Teswirler