Dünýädäki iň irki uniwersitet

Garawiýn uniwersiteti Fes şäherinde, häzirki wagtda Marokkanyň çäginde ýerleşip, dünýäniň iň irki uniwersiteti hasaplanylýar. Uniwersiteti 857-859-njy ýyllarda Fatima al-Fihri tarapyndan metjit hökmünde esaslandyryldy soňra bolsa ruhy we bilim merkezleriniň birine öwrüldi. 1963-nji ýylda Marokkanyň häzirki zaman jemgyýetçilik uniwersitet ulgamyna girizildi we iki ýyldan soň resmi taýdan “Garawiýn uniwersiteti” adyny aldy. Metjidiň binasy Marokkanyň taryhynyň dürli döwürlerinden bäri dowam edip gelýän Yslam binagärliginiň möhüm toplumydyr.

Alymlar Garawiýniň Ikinji jahan urşundan soň medrese hökmünde netijeli işländigini aýdýarlar. Uniwersitet binalary 1963-nji ýylda täzeden üýtgedilip guruldy. ÝUNESKO we Ginnesiň rekordlar kitaby ýaly käbir çeşmeler Garawiýni dünýäniň iň köne uniwersiteti ýa-da üznüksiz işleýän ýokary okuw mekdebi hökmünde görkezýär. Bu ýokary okuw mekdebinde dünýäniň dürli künjeklerinden gelen talyplar bilim alýarlar.

Güljahan GURBANGELDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok