Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmegiň, Türkmenistany dünýäniň senagat taýdan ösen ýurtlarynyň hataryna deňleşdirmegiň nusgalyk ýörelgesine eýerýär. Bu babatda amala aşyrylýan giň gerimli işler ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ykdysadyýeti dolandyrmagy kämilleşdirmek çäreleri bilen utgaşdyrylýar. Öňde goýlan belent maksatlara abraý bilen ýetmekde sanly ulgamy kämilleşdirmek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şeýle wajyp işiň düýp binýady orta mekdeplerde tutulyp, ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde dowam etdirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetini başarnykly we taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmek ýaly il-ýurt bähbitli wajyp wezipe bilen şertlendirilendir. Şol sebäpli ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, dünýä tejribesinden ugur alyp, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça işler giň gerimde alnyp barylýar. Ol işler bolsa «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda ýaýbaňlandyrylýar. Bu resminamanyň maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşlerine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek hem-de uzak aralykdan bilim almak we bilim bermek arkaly bu ulgamyň işiniň kämilleşdirilmeginden ybaratdyr.
Ýaşlara çuňňur bilim bermek, olaryň ussat hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak okuw işini täzeçe, döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda guramagy talap edýär. Munuň üçin orta we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalandyrylýar. Biz gündelik işimizde interaktiw tagtalaryň, kämil kompýuterleriň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanýarys. Internet ulgamynyň üsti bilen sapaklary netijeli we täsirli özleşdirmek üçin zerur bolan maglumatlary alýarys. Şeýle çemeleşme biziň sapaklara ýetişigimiziň ýokarlanmagyna oňyn täsir edýär.
Abdykerim TAHIROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler