Awstraliýada güýçli tupan turdy

“9news” gullugynyň habaryna görä, 25-nji dekabrda Awstraliýanyň Kwinslend ştatynda tupan sebäpli ýüz müňden gowrak jaýlar elektrik toguny ýitirdi. Şeýle hem 24 sagadyň içinde 280 müň ýyldyrym çakdy. Kwinslendiň premýer-ministri S.Maýls ştatyň günorta-gündogar böleginde ýüzlerçe ýaşaýyş jaýyna agyr zeper ýeten “görlüp-eşidilmedik” tupana sezewar bolandygyny aýtdy.

Maýls, ştatyň şeýle güýçli tupan ilkinji gezek beton elektrik sütünlerini ýaryp başlandygyny hem belläp geçdi. Hökümet bolsa elektrik energiýasyny dikeltmek üçin birnäçe gün gerek boljakdygyny aýdýar. Soňky ýedi günüň dowamynda ýurduň demirgazygy tropiki siklon bilen örtüldi. Takmynan 300 raýat howpsuz çäklere göçürildi.

Erkin ANNAGELDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok