27-nji dekabrda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Halkara ylmy-amaly maslahatyň we köpugurly serginiň açylyş dabarasy bolup geçdi. Bu güni ýaşlaryň bagt baýramçylygy diýip atlandyrmak bolar. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň badalgasy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asylly dowamaty bilen yglan edilen “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” jemlenmesi öňdebaryjy ýaşlary sylaglamak dabarasy bilen utgaşdy. Bilimde, sportda, döredijilikde öňde barýan ýaşlaryň Şa serpaýlary bilen sylaglanmagy ýaşlaryň durmuşynyň ýatdan çykmajak gününe öwrüldi. Şunuň ýaly ajaýyp sergini synlamak, bagtyýar pursatlaryň şaýady bolmak biz talyp ýaşlar üçin aýratyn buýsandyryjy.
Bu bagtyýar günüň öňüsyrasy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň çapdan çykmagy biz ýaşlar üçin ullakan sowgat boldy. Özümize bildirilýän uly ynamyň alamaty bolan bu kitaby okamak her birimiz üçin aýratyn ýakymly.
Gül Watanymyzyň gujagy ýaşlaryň bagt baýramçylygy. Bize şunuň ýaly döwrany peşgeş beren, okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksiz. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumlary rowaçlyklara beslensin.
Gözel BABAJANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler