27-nji dekabrda, paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi geçirildi. Şol halkara forumyň çäklerinde şu ýylyň 23-28-nji noýabrynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynda ýeňiji bolan türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli resminamasyna laýyklykda, türkmen türgenlerini halkara ýaryşa taýýarlan tälimçiler Pälwanlarymyzy dünýä çempionatyna taýýarlan tälimçiler Dörtguly Tejenow bilen Şirin Kubaýewa «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly at dakyldy hem-de «Toyota Camry» awtoulagy bilen sylaglandy.
Şeýle hem bu dünýä çempionatynda altyn medal gazanan türkmen türgenleri Dinara Rozykulowa, Mariýa Lohowa, Wepa Awlýakulow, Sabina Kadyrowa hem-de Daýanç Omirow 2023-nji ýylda öndürilen “Toyota Fortuner SR5” kysymly döwrebap awtomobil bilen sylaglandylar. Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň gahrymanlaryna gowşurylan Şa serpaýlary we dakylan hormatly atlar ýaş türgenleri täze üstünliklere ruhlandyrdy.
Şatlyk KALAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler