Möhüm ähmiýetli forum – geljekki üstünliklere badalga

Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 27-nji dekabrynda gözel paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda üstünliklere hem uly rowaçlyklara beslenen, tamamlanyp barýan ýyla bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat we köpugurly sergi öz işine başlady. Biz – bagtyýar ýaşlaryň durmuşynda möhüm ähmiýetli, ýatdan çykmajak wakalara baý bolan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerini jemleýän bu özboluşly çäre gazanylan ähli üstünliklerimizde ata Watanymyzyň güýç-kuwwaty hasaplanylýan ýaşlara bildirilýän uly ynamdan nyşandyr. Häzirki döwürde ýaşlar öz bilimlerini, ukyplaryny hem döredijilik zehinlerini geçirilýän dürli ders olimpiadalarynda, döredijilik bäsleşiklerinde, sungat festiwallarynda, halkara sport ýaryşlarynda ussatlyk bilen görkezýärler, dürli pudaklarda halal hem-de üstünlikli zähmet çekýärler. Gurnalan serginiň merkezi böleginde hem ýaş hünärmenleriň, talyp ýaşlaryň gazanan üstünliklerini, alyp barýan işlerini giňişleýin açyp görkezýän bölümleriniň bolmagy munuň aýdyň beýanydyr. Çünki belent ruhly, kämil bilimli, watansöýüji ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek berkarar zamanamyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde kesgitlenen. Şeýle hem forumyň işine sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň hem gatnaşandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Ýaş nesiller ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda öňdebaryjy orunlara ynamly çykmak bilen, ähli gujur-gaýratyny, bilimini we ukyp-başarnyklaryny ulanmak arkaly başy başlanan uly özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek wezipeleri durýar. Ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi, ylmy döredijilik mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmekleri, ýurdumyzyň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady, syýasy hem medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin ähli amatly şertler döredilýär. Ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek babatda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri tutuş dünýä ýüzüne nusgalykdyr. Şu ýylyň iýun aýynda kabul edilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyna» laýyklykda, ýaşlaryň parlament gatnaşyklaryny ösdürmek we daşary döwletleriň ýaş parlamentarileri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen ýaş parlamentarileriň topary hem döredildi. Ählumumy abadançylyga gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlary ilerletmekde, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde giň dünýägaraýyşly, başarnykly ýaşlara uly orun degişlidir. Esasy bellemeli zatlaryň biri hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly täze kitaby ýaş türkmenistanlylar üçin ajaýyp sowgat boldy.

Tamamlanyp barýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň döredijilik, ylmy başlangyçlaryny we gazanýan üstünliklerini giňeltmek maksady bilen guralan bu möhüm forum geljekki ýeňişli menzillere badalga bolar! Parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge, ýaşlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň giňeldilmegine, kämil ylym-bilim almagyna gönükdirilen beçik işleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys!

Döwletgeldi ÖWEZGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň II ýyl talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok