Halkymyzda toý-baýramlara taýýarlykly barmak, baýramçylyk saçaklaryny dürli naz-nygmatlar bilen bezemek asylly däpdir. Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda ak bazarlarymyzyň, söwda merkezleriniň dürli harytlar bilen baýlaşmagy saçaklaryň berekedini öňküden-de artdyrar.
Uzaboýuna ýerleşýän gupba ýaly ak çadyrlaryň bezegindäki Täze ýyl öwüşginleri, dürli görnüşli sowgatlar barha golaýlaýan baýramçylygyň ýakymly duýgularyny bagyş edýär. Adatdaky ýaly, körpejeler muny ilki duýan bolmaly. Olar eýýäm ata-eneleriniň elinden tutup, Täze ýyl sowgatlaryny, Täze ýyl arçalaryny alýarlar.
Gyş paslydygyna garamazdan, almadyr narlar, armytdyr hurmalar terje, ýaňy baldagyndan tänderilen ýaly. Täze ýyl sowgatlarynyň, azyk önümleriniň hem dürli görnüşleri bar. Bahalary-da elýeterli. Şu ýyl ak bazarlarymyzyň azyk we senagat harytlaryna has baýdygyny, görnüşleriniň hem artandygyny aýtmaly. Indi öň daşarky bazarlardan getirilýän harytlar hem özümizde öndürilýär. Nesip bolsa, Täze ýyl baýramçylygynda-da saçaklarymyzda nygmat bol bolar.
Hawa, paýtagtymyz Aşgabadyň, «akylly» şäher Arkadagyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň söwda merkezlerinde, bazarlarda, marketlerde, dükanlarda baýramçylyk söwdasynyň gyzygy-gyzgalaňy barha artmak bilen. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hözirini görüp ýaşaýan bagtyýar ildeşlerimiziň köňüllerinde buýsanç bar.
Leýla MUHIDDINOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler