Geljek ýyl ýangyç-energetika toplumy boýunça birnäçe iri halkara forumlar geçiriler

Geljek 2024-nji ýylda, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna täze maýa goýumlaryny çekmeklige gönükdirilen birnäçe iri halkara çäreleri geçiriler. Şeýlelikde, 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Parižde Türkmen energetika maýa goýum forumy geçiriler. Ol türkmen energetikasynyň täze maýa goýum taslamalaryny görkezer.

2024-nji ýylyň 5-6-njy iýunynda Arkadag şäherinde Türkmen energetika ylmy maslahaty guralar. Bu çäre uglewodorodlary işläp taýýarlamakda ekologiýa meseleleriniň möhüm ugurlaryna, şol sanda metan zyňyndylaryny azaltmaga we durnukly hem ýaşyl energetikany ilerletmäge gönükdiriler.

Aşgabatda 2024-nji ýylyň 23-25-nji oktýabrynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» (OGT 2024) halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Her ýylda geçirilýän bu iri pudaklaýyn forum dünýäniň iň iri energetika öndürijilerini, sarp edijilerini we hünärmenlerini birleşdirýän halkara meýdançadyr.

“OGT 2024” meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, täze çözgütleri gözlemek we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin sebit we ählumumy energetika ulgamlarynyň inklýuziw platformasyny döretmek bilen, 29 ýyllyk innowasiýalar we ösüş mirasyna daýanýar.

Emir ATADURDYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok