Aşgabat şäherinde «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdançada dikilen Türkmenistanyň Baş arçasy (44 metr) GDA-da Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli yşyklandyrylan iň beýik arçadyr.
Aşgabatdaky Täze ýyl arçasy eýýäm dördünji ýyl GDA-da iň beýik diýlip ykrar edildi we ol her ýyl has-da öňkilerden beýgelýär. Türkmenistanyň esasy Täze ýyl arçasyny bezemek üçin 4 müň oýunjak we 55 müň LED lampa ulanyldy.
Baýramçylyk arçasy Sibirden getirilen tebigy arça şahalaryndan gurlupdyr. Şeýle hem ilkinji onluga Ýerewan (37 m), Daşkent (35 m), Baku (34 m), Bişkek (32 m), Minsk (30 m), Duşanbe (30 m), Moskwa (25 m), Astana (25 m) we Almaty (20 m) şäherlerindäki arçalar girdi.
Kakajan GYLYJOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler