Türkmen maşgalalarynda ýaş nesli terbiýelemekde nakyllaryň ähmiýeti örän uludyr. Olarda halkymyzyň durmuş tejribesi, päk ahlagy, terbiýe, öwüt-ündew mekdebi, şirin we şireli dili jemlenipdir. Nakyllaryň we atalar sözleriniň terbiýeçilik ähmiýeti gadymy döwürlerden bäri halk tarapyndan giňden ykrar edilipdir. Bu barada Gahryman Arkadagymyz “Türkmen medeniýeti” atly ajaýyp kitabynda şeýle belläp geçýär: “Müňýyllyklaryň dowamynda döredilip, timarlanyp gelnen nakyllardyr atalar sözlerini pederlerimiziň umman ýaly çuňňur akyl-paýhas hazynasy, mydama dogry ýol salgy berýän şamçyrag – maslahatçy diýip aýtmak bolar. Nakyllarda ençeme nesilleriň durmuş tejribesinde taplanan halk parasaty, gündelik durmuşda öwran-öwran başdan geçirilen hadysalardan gelip çykýan dogry çözgütler, gymmatly sargyt-maslahatlar öz beýanyny tapypdyr”.
Nakyllar ähli döwürlerde-de öz ähmiýetini ýitirmän gelip, özüniň çuň many-mazmuny, şahyrana ýatda galyjy dürdäne setirleri bilen halkyň aňyna mäkäm ornaşypdyr. Olar edebiýatyň dürli žanrlarynda, halk döredijiliginiň beýleki görnüşlerinde (rowaýatlar, ertekiler, dessanlar…) hem giňden ulanylypdyr. Mahlasy, nakyllar il-halkyň pähiminden, durmuş wakalarynyň tejribesinden, akyldarlaryň pelsepesinden süzülip çykan paýhas gaýmagydyr, parasadyň hamyrmaýasydyr.
“Adam görki-akyl, söz görki-nakyl”, “Akylyň bolsa, akyla eýer, akylyň bolmasa-nakyla”, „Akyl – altyn, pikir – kümüş” ýaly pähimler, pederlerimiziň nakyllaryň terbiýeçilik ähmiýetine beren belent bahasyny aňladýar.
Etnopedagogikany düzýän halk döredijiliginiň esasy görnüşleriniň biri bolup durýan nakyllar, ine, indi ençe asyrlar bäri özüniň wajyp wezipesini-kämil nesil terbiýesini üstünlikli amala aşyryp gelýär. Nakyllar we atalar sözi çagalaryň pikirini gysga we manyly aňlatmak endigini ösdürýär. Olar ýaş nesilde watansöýüjilik, dost-doganlyk, ynsanperwerlik, gözellik, ahlaklylyk, myhmansöýüjilik, dogruçyllyk we başga-da birnäçe gowy häsiýetleriň kemala gelmeginde güýçli täsir edýärler. Hut şu sebäpli-de nakyllar bilim edaralarynda mugallymlar tarapyndan sapaklarda, terbiýeçilik çärelerinde giňden peýdalanylýar.
Humaý KASYMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
«Psihologiýa-pedagogiki bilimi»
ugry boýunça magistranty.
Teswirler