Täze ýyl — täze üstünliklere badalga

Ynsan durmuşy taryhy wakalara, şanly senelere örän baý. Ýöne uly-kiçi hemmäniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan şeýle tolgundyryjy pursaty her ýylda bir gezek gaýtalanýar: külli adamzat köne ýyl bilen hoşlaşyp, ýagşy umyt-arzuwlar, päk duýgular, joşgunly aýdym-sazlar bilen Täze ýyly garşylaýar. Baýramçylyk dabaralaryndan galan ýakymly täsirler bolsa tutuş ýylyň dowamynda ynsanlaryň köňül bossanynda orun alýar we okuwda, işde, durmuşda täze üstünliklere, täze ýeňişlere ruhlandyrýar.

Ynha, şu günler hem biz şeýle ýakymly pursatlaryň gurşawynda ýaşaýarys. Ýurdumyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýen şygar astynda geçen köne ýyly taryha ugradyp, Täze, 2024-nji ýyly garşylamaklyga bagyşlanan dabaralaryň şatlyk-şowhuny alyslara ýaň salýar.

Goý, Täze ýyl asly halal türkmen ojaklaryna saglyk, rysgal-bereket getirsin! Ýurdumyz asuda, abadan bolsun! Halkymyzyň eşretli ýaşaýşy ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Täze ýylyňyz düşümli bolsun!

Begençmyrat BATYROW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok