Efiopiýa döwletinde Täze ýyl baýramçylygy “Enkutataş” diýlip atlandyrylýar we ol her ýylyň sentýabr aýynyň 11-ne baýram edilýär. Efiopiýa özüniň Ýuliý senenamasy esasynda düzülen gadymy milli senenamasyny ulanýar. Efiopiýalylar Täze ýyl baýramçylygyna ýangynly tomus möwsüminiň soňy diýip düşünýärler we bu senäni baýram edýärler.
“Tai Täze ýyly” hem ýylyň aprel aýynyň 13-14-i aralygynda baýram edilip, ol ýerli dilde “Songkran” diýlip atlandyrylýar. Bu baýramçylykda ýerli ilata daşary çykyp biri-birleri bilen suw sepişmeklik güýmenjeleri mahsusdyr. Sebäbi ýerli ilatyň ynançlaryna görä, suw sepmeklik ak pata bermeklikden gözbaş alýar.
“Hytaý täze ýyly” diňe bir Hytaý Halk Respublikasynyň özünde däl, eýsem dünýäniň köp ýurtlarynda hem baýram edilýär. Bu baýram güni “Aý” senenamasynyň ilkinji günüdir we Gün ulgamyna görä oňa her 3 ýyldan düzediş girizilýär. Bu baýramçylygyň senesi ýanwar aýynyň 20-den fewral aýynyň 20-i aralykdaky döwre gabat gelýär.
“Wýetnam Täze ýyly” baýramçylygy özüniň gysgaça “Tet” ady bilen has hem belli bolup, ýurduň iň bir möhüm we meşhur baýramçylyk festiwalydyr. “Wýetnam Täze ýyly”, adatça, ýanwar aýynyň 20-den fewral aýynyň 20-i aralykdaky döwürde baýram edilýär. Hytaý senenamasyna esaslanyp, bu baýramçylyk ýaz paslynyň gelmegi mynasybetli bellenilýär.
“Koreý Täze ýyly” Aý senenamasynyň ilkinji günüdir. Koreýalylar bu baýramçylygy her ýylyň 1-nji ýanwarynda belläp geçýär. Täze ýyl milli baýram bolmak bilen, koreý ilaty üçin azyndan 3 gün boş, dynç güni diýlip hasap edilýär. Koreýalylar Täze ýyl baýramynda ata-babalarynyň ruhuna tagam taýýarlamak, ata-babalarynyň jaýlanan guburlaryna gezim etmek hem-de milli Koreý oýunlaryny oýnamak ýaly däpleri ýerine ýetirmeklik arkaly belläp geçýärler.
Gyzylgül PIRGULYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler