Täze ýyl – dünýä döwletlerinde

  • Ýa­po­ni­ýa­da Tä­ze ýyl 25-nji de­kabr­da bel­le­nip baş­lan­ýar we ol bir aýa go­laý dowam edýär.
  • Bra­zi­li­ýa­da Tä­ze ýyl, köp ýurt­lar­da bol­şy ýa­ly, 31-nji de­kabr­dan 1-nji ýan­war ara­ly­gyn­da bel­le­nil­ýär. Bu döw­ürde jaý­lar we kö­çe­ler ýag­ty çy­ra­lar bi­len yşyk­lan­dy­ryl­ýar. Bra­zi­li­ýa­ly­lar köp­lenç Tä­ze ýyl sa­çak­la­ry üçin köp tagamlary taýýarlaýarlar. Şeý­le hem baý­ram­çy­lyk sa­ça­gy­na noý­ba­dan, tü­wü­den taý­ýar­la­nan ta­gam­lar go­ýul­ýar. Tä­ze ýy­ly Bra­zi­li­ýa­da ak eşik­de bel­le­mek adat­dyr.
  • Is­pa­ni­ýa­da Tä­ze ýyl 1582-nji ýyl­dan bä­ri her ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­da bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Is­pan­lar be­zeg üçin ga­py­la­ra jaň­lar bi­len gül des­se­le­ri­ni as­ýar­lar. Olar Tä­ze ýyl ag­şa­myn­da süý­jü­le­ri hö­dür­le­me­gi ha­la­ýar­lar.
  • Da­ni­ýa­da ga­py­lar­da Tä­ze ýyl gül­le­ri asyl­ýar. Tä­ze ýyl be­ze­gin­de gy­zyl we ak reňk ag­dyk­lyk ed­ýär.
  • Gü­nor­ta Af­ri­ka­da hem Tä­ze ýyl 1-nji ýan­war gi­je­sin­de bel­le­nil­ýär. Af­ri­ka­ly­lar aga­jyň be­zeg­le­ri nä­çe köp bol­sa, Tä­ze ýyl şon­ça-da sa­hy bo­lar di­ýip yrym ed­ýär­ler.
  • Awst­ra­li­ýa­ly­lar Tä­ze ýyl üçin öý­le­ri­ni be­zäp, ga­py­la­ra gül des­se­le­ri­ni as­ýar­lar we şem taý­ýar­la­ýar­lar.

Arzuw MEREDOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok