Täze ýyl

Täze ýyl häzirki wagtdaky senenamadaky iň esasy baýramçylyk hasaplanylýar. Bu baýramçylyk köp halklar tarapyndan kabul edilen senenama laýyklykda, esasanam köne ýylyň iň soňky güni, ýagny dekabr aýynyň 31-inde we täze ýylyň ilkinji güni, ýagny 1-nji ýanwar günleri uly dabara bilen bellenilýär. 1-nji ýanwar ýylyň başy hökmünde rim hökümdary Ýuliý Sezar tarapyndan, biziň eýýamymyzdan öň 46-njy ýylda bellenilipdir. Gadymy Rimde bu gün saýlama, gapylar we ähli başlangyçlar hudaýy bolan Ýanusa bagyşlanan. Ýanwar sözi hem şol hudaýyň ady bilen baglanyşykly bolupdyr.

1-nji ýanwarda Täze ýyl biziň eýýamymyzdan öňki 153-nji ýylda ilkinji gezek bellenilip başlandy. Dürli ýurtlarda ,,1-nji ýanwar – täze ýylyň ilkinji güni’’ diýlip kabul edilmegi dürli ýyllary öz içine alýar. Meselem Wenesiýada 1522-nji ýylda, Rimde 1544-nji ýylda, Fransiýada 1564-nji ýylda, Russiýada 1700-nji ýylda, Hytaýda 1912-nji ýylda, Beýik Britaniýada 1752-nji ýylda we ş.m.

Biziň ýurdumyzda Täze ýyly uly dabara bilen garşy alýarlar. Adamlar öýlerinde uly saçaklary ýazýarlar, dürli tagamlary, işdäaçarlary, süýjülikleri taýýarlaýarlar. Olar Täze ýyl gününi öz maşgalasy, garyndaşlary, dostlary bilen belleýärler.

Täze ýyl baýramçylygy örän üýtgeşik, jadyly baýramçylykdyr. Sebäbi täze ýyl ähli ynsanlaryň kalplaryna nur paýlap, uly-uly umytlara, owadan arzuwlara besleýär. Bu baýramçylyk ajaýyp bir dünýewi baýramçylyk bolup, dünýäniň ähli künjeklerinde uly dabara bilen bellenilýär. Öz senenamalaryny millileşdirip ulanýan medeniýetleriň köpüsinde Täze ýyl baýramçylygyny bellemeklik örän möhüm çäreleriň biri bolup durýar.

Aýgül ALTYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok