Milli garaýyşlaryň beýany

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 1-2-nji dekabrynda Dubaý şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna (COP28) gatnaşyjylaryň maslahatynyň 28-nji mejlisinde eden çykyşyndaky howanyň üýtgemegi we daşky gurşawyň howpsuzlygy baradaky milli garaýyşlaryň beýany, Baş Assambleýanyň 78-nji mejlisiniň resmi resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde neşir edilip ýaýradyldy.

Beýannama Baş Assambleýanyň häzirki mejlisiniň gün tertibiniň «Adamzadyň häzirki we geljekki nesilleriniň bähbidine global howany goramak» hem-de «Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynam we hyzmatdaşlyk zolagy» bentleri boýunça neşir edildi. Resminamada, hususan-da, Türkmenistanyň Global Metan borçnamasyna goşulmagy we Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) bilen bilelikde BMG-niň Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi tehnologiýalary Sebit merkeziniň Türkmenistanda açylmagy üçin kanuny esas döredilendigi barada habar berilýär.

Tawus SAPAROWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok