Kofeniň peýdaly täsirlerini ýüze çykardylar

Köpler kofeniň, esasan, adama energiýa bermek täsiriniň bardygyny belleýärler. Aslynda bolsa, bu içginiň azyndan sekiz hili peýdaly täsirleri bar. Kofeniň bu sanawly aýratynlyklaryny Nýu-Ýorkyň Önümçilik we dietologiýa akademiýasynyň hünärmeni Jonatan Waldes özüçe häsiýetlendirýär. Olaryň biri hem, kofeniň düzümindäki kofeýiniň ganymyzda adrenalini güýçlendirýändigi, şeýle hem ýaglaryň sarp edilişini sazlaýanlygydyr. Bu bolsa ýag kislotalarynyň biziň organizmimiz üçin ýangyç hökmünde bolmagyna getirýär. Şonuň üçin kofe türgenleşýänler üçin aýratyn peýdalydyr. Bu içgi ýürek agyry keselleriniň hem birnäçesi üçin peýdalydyr. Sebäbi hem, ol antioksidantlara — ýekeli ösümlik baglanyşyklaryna baý.

Mysal üçin, hlorogen kislota atlandyrylýan antioksidant ganyň düzümindäki holesterini we trigliseridi hem-de şekeri pese düşürýär. Kofeni ýüregiň sazlylygyny saklamak maksady bilen içmekde, lukmanlar günüň dowamynda 300 ml mukdar ölçeginden 2—5 gezek içmeli diýip belleýärler. Emma tersine, frenç-press we şoty espresso ýaly filter edilmedik kofeler çäksiz içilmek netijesinde ýürek agyrynyň döremegine sebäp bolup bilýär. Kofe organizmde ýagyň mukdarynyň azalmagyna hem oňyn täsir edýär. Günde 4 bulgur içilen ýagdaýynda, onda adamyň ýagy ortaça hasap bilen 4 % azalar. Bu bolsa Garwardyň jemgyýetçilik saglygy goraýyş mekdebiniň geçiren ylmy-barlag netijelerinde görkezilýär.

Ogulbagt ALTYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok