Kiçi ýaşly çagalaryň akyl ösüşi

Kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryň ünsüniň aýratynlygy barada söhbet açylanda ilki bilen olaryň ygtyýarly ünsüniň gowşaklygyny bellemeli. Kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň öz ünsüne erkli ýolbaşçylyk etmek mümkinçiligi ýagdaýly bolýar. Olaryň ygtyýarsyz ünsi has ösen bolýar. Çaganyň mekdepde okap başlamagy onuň geljekki ösüşini höweslendirýär. Üýtgeşik täze, gyzykly zatlar okuwçylaryň artykmaç güýjüni talap etmezden ünsüni özüne çekýär. Haçan-da okuw maglumatlary görkezme esbaplylygy, aýdyňlygy bilen tapawutlansa, onda şonça hem ygtyýarsyz üns toplanýar we durnukly bolýar. Ýöne bir zady, ýagny kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryň täsire gidijiligini ýatdan çykarmaly däl. Kämahallar juda ýiti täsirler (görkezilýän zatlar) okuwçynyň beýnisindäki oýanyş ojagyny döredip bilerler, netijede okuwçynyň mugallymyň beýan edişine düşünmeklik mümkinçiligi gowşaýar, maglumatlary seljerişi peselýär.

Başlangyç synp okuwçylarda ygtyýarly ünsi ösdürmekde maksada gönükdirilip işlemegi maksat edinmegi başarmagyň ähmiýeti uludyr. Ilkibaşda okuwçylaryň öňünde maksady ulular (ata-eneler, mugallymlar) maksady goýýarlar. Eger-de, zerurlyk ýüze çyksa, işiň maksada ýetmegi üçin ulular çagalara kömek berýärler. Ygtyýarly ünsüň ýokary basgançagy mekdep okuwçynyň özbaşdak goýýan maksadyndan ugur almak ukyby bolup hyzmat edýär. Ygtyýarly ünsüň ösüşi kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynda bilimleri özleşdirmegi jogapkärçiligiň ösüşi bilen berk baglydyr. 1-nji we 2-nji synpda okaýan okuwçylaryň ünsi durnuksyzdyr. Durnuksyz ünsüň bolmagy ýaş sebäpli saklanma prosesiniň gowşaklygynyň netijesidir. Birinji synpyň kähalatlarda ikinji synpyň okuwçylary hem işe ünsüni uzak wagtlap toplamagy başarmaýarlar. Olaryň ünsi tiz başga zada sowulýar. Şonlukda olar tabşyrylan ýumşy öz wagtynda ýerine ýetirip bilmeýärler, sözde harplary, sözlemde sözleri goýup gitmegi mümkindir. Geçirilen gözegçiliklere görä, 1-nji we 2-nji synpyň okuwçylary arakesmesiz 30-35 minudyň dowamynda (ondan köp däl) ünsüni jemläp bilýäler. Sapagy guranyňda bu ýagdaýy hasaba almaly, işde uly bolmadyk arakesme etmeli. Okuwçylaryň ünsi okuw işiniň depginine bagly. Tiz ýa-da haýal geçilýän okuw işleriň ikisem okuwçynyň ünsüni toplamak we durnukly bolmagy üçin amatsyzdyr. Diňe orta depginli işler çaganyň kabul edişine, ünsüni jemlemäge amatly täsir edýär.

Enegül AMANGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok