Tebigat – her bir ynsanyň mukaddes öýi. Oňa aýawly çemeleşip, gözüň göreji deýin goramaklyk her birimiziň perzentlik borjumyz bolup durýar. Daşky gurşawy goramak babatynda ýurdumyz döwlet derejesinde uly işleri amala aşyrýar. Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de halkara derejesinde ekologiýa abadançylygyna goşant goşmak, ýurtlar bilen özara hyzmatdaşlygy dowam etdirmekdir. Diýarymyzyň ekologiýa howpsuzlygy meselesinde öňe sürýän netijeli başlangyçlary elmydama dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn gollanma tapýar.
Ekologiýa abadançylygy gözellik bilen utgaşyp, ynsan saglygynyň binýadyny berkidýär. Bu ugurda ýurdumyzda ýylyň ýylyna dürli miweli, saýaly we pürli baglaryň, ýylyň dört paslynda hem gök öwsüp oturan arça agaçlarynyň oturdylmagy köpçülikleýin ýaýbaňlandyrylýar. Ekilen baglara ideg etmek işleri hem uly depginlerde berjaý edilýär. Zähmetsöýer halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda şeýle çärelere uly ruhubelentlik bilen işjeň gatnaşýarlar.
Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrýan, geljek nesiller üçin şeýle uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! Watanymyz hemişe gülläp-össün!
Serdar EZIZKULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler