Ýaş türgenler toparlaýyn utuş boýynça I orun eýelediler

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda sportuň taekwondo görnüşi boýunça Türkmenistanyň  çempionaty geçirildi.

Olimpia şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen bu çempionata ýurdumyzdan 113 sany türgen gatnaşdy. Ahal, Daşoguz, Mary welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň türgenleriniň arasynda geçirilen çempionatda Türkmenistanyň taekwondo milli merkeziniň tälimçisi Toýly Amangeldiýewiň ýaş şägirtleri toparlaýyn utuşlar boýunça I oruny eýeledi, ýagny 6 sany I orun, 5 sany II orun, 2 sany III oruna mynasyp boldular.

Milli ýygynda saýlanan türgenler

Şeýle hem ýaş türgenleriň 4 sanysy Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna saýlandylar we Taekwondo boýunça gara guşagyň 1-nji Dan eýesi boldular.

Başga Habarlar

Teswirler

Nazik

Tuweleme howri kop bolsun

Toyly

Berekella milli yygyndy