Russiýanyň Ykdysady ösüş ministrligi häzirki wagtda rus kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň çäginde durmuşa geçirilýän 36 taslama gözegçiligi amala aşyrýar diýip, Russiýanyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary Dmitriý Wolwaç Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça rus-türkmen hökümetara toparynyň çäklerinde 21-22-nji dekabrda Moskwada geçirilen Söwda we maýa goýum boýunça ýokary derejeli toparyň 9-njy mejlisiniň barşynda mälim etdi.
Durmuşa geçirilýän degişli taslamalaryň bahasy 255 milliard rubla golaýlaýar. Häzirki wagtda şol taslamalaryň 11-si ulanmaga bermek, 21-si maýa goýum, 10-sy hem işjeň durmuşa geçirmek tapgyrlaryndadyr. Şeýle hem dürli harytlary ibermek, infrastruktura, nebitgaz we metallurgiýa pudaklarynda taslamalar amala aşyrylýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, rus kompaniýalarynyň Türkmenistanda energetika desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, abatlamak we täzelerini gurmak babatda şeýle-de gämi gurluşygynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, Türkmenistana dag-magdan enjamlaryny we üç bölekli magistral ýük teplowozlaryny getirmekde hyzmatdaşlyga, Gyzylarbat şäherindäki wagon abatlaýyş zawodyny döwrebaplaşdyrmaga, şeýle hem ýurduň demirýol ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de elektrikleşdirmek boýunça geljekki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýärler.
Süýtbike GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler