Türkmenistanda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» şygary bilen tamamlanyp barýan ýyla bagyşlanan Halkara ylmy-amaly maslahatyň we serginiň web sahypasy işe girizildi.
yaslarforum.gov.tm web sahypasyny döretmegiň esasy maksady 27-nji dekabrda geçiriljek foruma gelýänlere maglumatlary we sanly hyzmatlary çalt bermekden ybarat bolup durýar.
Web sahypasy ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň iň gowy taslamalaryna ünsi çekýär, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, tehnologiýa, sport, edebiýat we sungat ugurlarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrýar. Çeşme üç dilde — türkmen, rus we iňlis dillerinde elýeterlidir.
Her bir ulanyjy bu web sahypasynda hasaba alnyp, maslahatyň bölümçeleriniň spikerlerine QR koduny skanirlemek arkaly hödürlenen taslamalar barada sorag berip biler. Mundan başga-da, bu kesgitleýiş ulgamy myhmanlara hödürlenen taslamalar bilen tanyşmaga we halan taslamalaryna ses bermäge mümkinçilik berer.
Ylmy-amaly maslahat türkmen ýaşlarynyň ýylyň dowamynda köptaraply işlerine bagyşlanan dürli tematiki bölümleriň çäginde öz işini ýaýbaňlandyrar.
Mergen JUMAÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler