25-nji dekabrda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow obasenagat sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň dowamynda ýakynda «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabyň çapdan çykandygyny aýtdy.
Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de bu kitabyň Bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanyp, 27-nji dekabrda geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahatyna we sergisine sowgat boljakdygyny belledi. Bu kitabyň ilkinji sanyny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza sowgat hökmünde iberýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Ýeri gelende belläp geçsek, täze kitapda Türkmenistanyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär. Döwlet Baştutanymyzyň ilkinji kitaby okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döreder.
Gözel PIRLIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler