Golaýda paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň täze edara binasy ulanmaga berildi. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň amala aşyrýan ylmy işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Paýtagtymyzyň Bekrewe köçesiniň ugrunda gurlan täze binanyň umumy meýdany 1,5 gektara deňdir. Dört gatdan ybarat täze binanyň ähli iş otaglary, barlaghana bölümleri iň täze tehniki enjamlar bilen üpjün edilipdir. Binada, şeýle hem maglumatlar otagy, kitaphana, muzeý, mejlisler zaly bar. Ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň ösüşinde institutyň bitirýän işleriniň ähmiýeti örän ýokarydyr.
Täze binanyň açylyş dabarasynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda amala aşyrylýan beýik işler, gazanylýan üstünlikler, binalaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilişi, tutuş halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanýanlygy dogrusynda uly buýsanç bilen gürrüň etdiler. Dabarada çykyş eden institutyň hünärmenleri gurluşyk ulgamynda ylmy işleri alyp barmakda döredip berýän ýokary derejeli şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar. Dabarada täze binanyň gurluşygynda zähmet çeken gurluşykçylaryň birnäçesine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Tirkeş ŞALLYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler