Täze ýyl üstünlik hem rowaçlyk getirsin!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şatlykly wakalara, toýdur-baýramlara beslenýän Türkmenistan ýurdumyzyň ähli künjekleri toý lybasynda, çünki ýetip gelýän Täze – 2024-nji ýylyň baýramçylyk şatlygy, ajaýyp öwüşginleri ähli ynsanlaryň kalbyny gurşap aldy. Päk arzuwlaryň baýramy bolan Täze ýylyň dürli öwüşginli baýramçylyk görnüşleri mähriban Watanymyzyň ýene bir üstünlige beslenjek ýyly uly ruhubelentlikde garşylaýandygyndan habar berýär.Täze ýyla bagyşlanan baýramçylyk çäreleri, konsertleri eziz raýatlarymyza uly joşgun paýlaýar.

Uly üstünliklere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyz ýurdumyz üçin şanly seneleriň biri boldy. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleriň mundan beýläk-de artdyrylmagyna gönükdirilen iri taslamalar amala aşyryldy.

Döwrüň talaby bolan sanly ulgamyň innowasion häsiýete eýe bolmagyna, IT ugurly hünärmenleriň taýýarlanylmagyna we täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilikleri açan sepgitlere eýe bolundy. Ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmek, täze ylmy açyşlary önümçilige çalt we netijeli ornaşdyrmak, innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge döwlet derejesinde aýratyn uly üns berildi. Çünki sanly ykdysadyýeti ösdürmek konsepsiýasy häzirki zaman ösüşiň möhüm şertleriniň hataryndadyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda bu ugurda netijeli tagallalar üstünlikli amal edildi. Şunuň bilen baglylykda, innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary we täzeçil tejribäni ugur edinýän milli bilim we ylym ulgamyny kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we ony ösüşiň dünýä derejesine çykarmak babatda bitirilen beýik işler göwünleri galkyndyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ilatyň durmuş goraglylygyny berkidip, iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga, köpugurly ösüş maksatnamalarymyzda göz öňünde tutulan taryhy başlangyçlaryň hemişe rowaçlyklara beslenmegine gönükdirilen oňyn netijeleriň ýylsaýyn artýandygy, durmuşa geçirýän işleriniň geriminiň giňelýändigi diýseň buýsandyryjydyr.

Ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda hususy pudagyň ornuny giňeltmek babatda düýpli tutumlar hem durmuşa geçirildi. Topraga döredijilikli çemeleşýän hususy işewürleriň, ýaş hünärmenleriň, edermen daýhanlaryň netijeli zähmeti ak bazarlarymyza, bereketli saçaklarymyza bolluk bilen eçildi. berekedidir.

Milli ykdysadyýeti ösdürmäge mynasyp goşant goşjak ýaş hünärmenleri taýýarlamakda, olary döwrebap tehnologiýalardan gowy baş çykarýan ussat hünärmenler edip kemala getirmekde, türkmen ýaşlaryny innowasion taslamalaryň işlenip düzülmegine işjeň çekmekde, daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyň gerimini barha giňeltmekde Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleri buýsançly başymyzy göge ýetirýär.

Şeýle tutumly işleriň Täze – 2024-nji ýylda hem belent maksatlara, uly rowaçlyklara beslenjekdigine, ata Watanymyzyň ýeňişli menziller bilen barha şöhratlanjakdygyna şübhe ýok bolsa gerek. Bedew batly ösüş-özgerişleriň goýnunda ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli ildeşlerimizi tüýs ýürekden gutlaýarys!

Nowruz ABAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok