Magtymguly Pyragy türkmen medeniýetini hem-de edebiýatyny öwrenijiler, şol sanda daşary ýurtly hünärmenler üçin uly gyzyklanma bildirilýän şahsyýetleriň biridir. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip ylgan edilmegi, şeýle-de şahyryň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi beýik söz ussadynyň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetine eýedigini tassyklaýar.
Nusgawy şahyrymyzyň eserleri ynsan aňyny, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde ygtybarly çeşme bolup durýar. Şahyryň watançylyk, gahrymançylyk, öwüt-nesihat, tebigat, söýgi temalaryndaky döreden goşgularynyň ählisini biziň ertirki günümiziň eýeleri bolan okuwçy ýaşlar uly söýgi bilen okaýarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga goýulýan hormat-sarpa diýseň ýokary. 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýlanyljakdygy hem muňa şaýatlyk edýär. Bu şanly senä mekdebimiziň okuwçylarydyr mugallymlary hem uly taýýarlykly barýarlar.
Magtymguly Pyragynyň döreden dürdäne setirleriniň halkyň kalbynda baky ýaşamagy üçin taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Akmyrat ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler