Mekdep okuwçylary Informatrix-Asia IT taslama bäsleşiginde Grand Prize baýragyny gazandylar

Gazagystanyň Astana şäherinde online görnüşde geçirilýän Informatrix-Asia halkara IT taslama bäsleşiginde Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçylary bäsleşigiň Grand Prize baýragyna we 7 sany kümüş medala mynasyp boldylar.

Takyk aýtsak, şol mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Medine Akmyradowa altyn medala we bäsleşigiň Grand Prize baýragyna eýe boldy. Şeýle-de, 11-nji synp okuwçylary Çary Akmyradow, Yhlas Alymuhammedow, Oguzhan Mergenow, Döwran Annamämmedow, Kerem Seýdiýew, Abdyrahym Akynyýazow we 10-njy synp okuwçysy Kerimberdi Myratlyýew dagylar kümüş medallary gazanmagy başardylar.

Belläp geçsek, her ýyl yzygiderli geçirilýän taslama bäsleşigine türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň ençemesi işjeň gatnaşýarlar.

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok