Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak bilen, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işini döwrüň talabyna laýyk ýagdaýda alyp barmak, olaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak, degişli düzümleriniň işiniň depginini ýokarlandyrmak, şunuň bilen birlikde, döwletimiziň eksport mümkinçiliklerini ösdürmek meselelerine möhüm orun berilýär.
Sahawatly topragymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, gaýtadan dikeltmek, biodürliligi gorap saklamak, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň ugurlary kesgitlendi. Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup, oba hojalygynda toplumlaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürilmegi, kiçi we orta telekeçiligiň hemmetaraplaýyn goldanylmagy ilatyň dürli görnüşli we ýokary hilli azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmagyň düýp özenini düzýär. Soňky ýyllaryň dowamynda obasenagat toplumynyň ähli ugurlaryny tehnika we tehnologiýa taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagyna gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. Oba ýerlerinde täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek arkaly oba ilatynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýer-suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, tohumçylygy ösdürmek, innowasiýanyň öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak babatdaky özgertmeleriniň çäklerinde amala aşyrylýan giň möçberli möhüm işler mynasyp netijesini berýär. Bazar gatnaşyklaryny ugur edinýän hojalygy ýöretmegiň täze görnüşlerine geçilmegi ak bazarlarymyzy öz ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli önümler bilen doly üpjün etmäge, obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär.
Täze Galkynyşyň bady bilen rowaçlanýan Diýarymyzda bu ugry ösdürmeklik ekologiýa abadançylygyny ýola goýmaklyga hem dahylly bolup durýar. Bu ugurda daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, çölleşmäge garşy göreşmek, global ekologiýa meselelerini çözmegiň esasy ugurlary boýunça halkara hyzmatdaşlyk saklanylýar. Şeýle-de daşky gurşawy goramak boýunça milli kanunçylygyň binýady yzygider kämilleşdirilýär, milli ýörelgelerimize hem dünýä tejribesine daýanyp, ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly önümçiligi ösdürmek, “ýaşyl” ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek gazanylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda uly üstünliklere beslenen şeýle asylly işler geljek senede hem oňyn ösüşlere badalga bolsun!
Jemal BEGMYRADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agroekologiýa hünäriniň
III ýyl talyby.
Teswirler